| Ashgabat | 30°C
Jemgyýet 21.08.2026, 18:49 7

Türkmenistanyň Belarusdaky ilçisi talyplar bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Belarusdaky ilçisi talyplar bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Minsk şäherindäki ilçihanasynda Polosksi döwlet uniwersitetiniň türkmen we daşary ýurtly talyplary üçin maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçisi Nazarguly Şagulyýew öz çykyşynda Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk döwründe özbaşdaklygy berkitmegiň hem-de sebitleýin diplomatiýany ösdürmegiň esasy tapgyrlary barada gürrüň berdi.

Ilçi gatnaşyjylara 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti barada aýratyn belläp geçdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!