Türkmenistanyň ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Katar ösüş gaznasynyň baş direktory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Doha şäherinde ýerleşen Katar ösüş gaznasynyň baş direktory Fahad Hamad Al-Sulaiti bilen duşuşyk geçirdi.
Onuň dowamynda ilçi 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda ýokary derejede guralýan çäreler bilen tanyşdyrdy.
Duşuşykda Katar ösüş gaznasy bilen Türkmenistanyň arasynda geljekde dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine seredildi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!