Türkmenistanyň Ilçisi Baýram Baýramow Arap atlary jemgyýetiniň Baş direktory bilen duşuşdy
Abu-Dabide geçirilýän Abu-Dabi halkara awçylyk we atçylyk sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Arap atlary jemgyýetiniň Baş direktory Mohammed Ahmed Al Harbi bilen duşuşygy boldy.
Taraplar atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ilçi şu ýylyň 4-6-njy sentýabrynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki «Peelbergen» atçylyk merkezinde ilkinji gezek geçiriljek ahalteke atlarynyň çempionaty barada maglumat berdi.
Geçirilen duşuşyk Türkmenistanyň Ilçihanasynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Arap atlary jemgyýeti bilen gatnaşyklarynyň yzygiderli häsiýetini, şeýle hem taraplaryň atçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge bolan ymtylyşyny tassyklaýar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!