Türkmenistanyň Ilçisi A. Goçmyradow Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiki barlaglar merkeziniň direktory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A. B. Goçmyradowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiki barlaglar merkeziniň direktory H. Usmonzoda bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ylmy-barlag ulgamynda türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem bilermenler derejesindäki özara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, ylmy-barlag hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň internet saýty habar berdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!