| Ashgabat | 35°C
Syýasat 22.08.2026, 18:18 7

Türkmenistanyň ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Imperator köşgüniň çäresinde çykyş etdi

Türkmenistanyň ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Imperator köşgüniň çäresinde çykyş etdi
Фото: https://japan.tmembassy.gov.tm/

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow Ýaponiýanyň Gifu şäherinde bu ýurduň Imperator köşgüniň guramagynda geçirilen «Ýapon milli däpleri bilen tanyşdyryş maksatnamasy» bilen bagly çärelere gatnaşdy.

Bu çärelere Gifu şäheriniň häkimi, Ýaponiýanyň Imperator köşgüniň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, şeýle hem Ýaponiýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň çäklerinde Ilçi A.Baýramow Ýaponiýada akkreditirlenen diplomatik korpusyň adyndan çykyş edip, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky möhüm orny barada belläp geçdi.

Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň internet saýty habar berdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!