| Ashgabat | 39°C
Syýasat 29.08.2026, 15:33 2

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik wezipesini tamamlaýar

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik wezipesini tamamlaýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ýurtda diplomatik wezipesini tamamlaýan Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Onuň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy, ykdysady, ulag-energetika we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berdiler.

Şeýle-de duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge goşan goşandy üçin ilçi Beata Peksa minnetdarlyk bildirildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!