| Ashgabat | 36°C
Syýasat 27.08.2026, 12:36 3

Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
Фото: https://mfa.gov.tm/

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň işjeň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça komitetleriniň bilelikdäki mejlisiniň işiniň gün tertibiniň we maksatnamasynyň esasy ugurlary, şeýle-de onuň netijeleri boýunça gol çekilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn resminamalaryň taýýarlyk meseleleri boýunça ylalaşyklar gazanyldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!