Ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň we Ukrainanyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň esasy maksady import-eksport işi bilen meşgullanýan kiçi we orta telekeçilere ýardam bermek, iki ýurduň işewürleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemekden ybarat boldy.
Çykyşlaryň dowamynda iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleri telekeçileriň arasynda göni hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, işewürlik maglumatlaryny yzygiderli alyşmaga, bazarlaryň mümkinçiliklerini öwrenmäge we hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini gözlemäge gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.
Dokma we himiýa senagatynda, ulag-logistika ulgamynda, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!