Türkmen-german hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Petra Dahtler bilen duşuşdy. Ilçi türkmen tarapyna ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Ilçini ýokary wezipä bellenilmegi bilen gutlady we Türkmenistanda diplomatik işini ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-german gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň internet saýty habar berdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!