Türkmenistan bilen Kataryň arasynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M. Seýitmämmedow Dohada Kataryň Media korporasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Halid bin Abdulaziz bin Jassim Al-Tani bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Kataryň Media korporasiýasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň hem-de pugtalandyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
M. Seýitmämmedow ýurduň daşary we içeri syýasatynyň esasy ugurlary barada gürrüň berip, ýurdumyz yň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgesine aýratyn üns berdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!