Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki täze bellenen Baş konsuly Seýed Mostafa Hosseýnipur bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň başynda Baş konsul konsullyk patentini gowşurdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylygy tarapyndan oňa konsullyk ekzekwaturasy gowşuryldy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!