Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Tokiodaky Ilçisi A. Baýramowyň Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça täze bellenen Ýörite wekili T. Işigaki bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň maksady ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, şeýle hem ýokary derejedäki saparlar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Duşuşygyň çäklerinde şu ýylyň dekabrynda Tokio şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetleriniň mejlisini ýokary derejede guramak meselesine aýratyn üns berildi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!