| Ashgabat | 40°C
Syýasat 18.08.2026, 14:09 6

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem bilelikdäki çäreleri guramak bilen bagly meselelere garadylar.

Amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary işjeňleşdirmek ileri tutulýan ugurlar hökmünde bellenildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!