Instagramyň täze ady «Instagzam»
Meta kompaniýasynyň Instagram sosial tory goşundynyň ýokarky böleginde görkezilýän adynyň tekst şekilini täzeledi. Hyzmatyň ýolbaşçysy Adam Mosseri tekstiň täze görnüşiniň öňki nusga çalymdaşlygy saklamak bilen, has «arassa we döwrebap» bolandygyny belledi.
Täzenen logotipde Instagram kursiw görnüşinden ýüz öwrüp, «döwlen» şrifte ýakyn bolan ýazgyny saýlap aldy. Ýagny, harplar göni, sada we kertiksiz görnüşe geçirildi, diňe «g» we «r» harplarynda sähel tapawutlar saklanyp galdy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!