| Ashgabat | 14°C
Jemgyýet 17.08.2026, 15:29 6

“EKSPO — 2027” sergisinde ýurdumyzyň milli pawilýony gurnalar

“EKSPO — 2027” sergisinde ýurdumyzyň milli pawilýony gurnalar

Türkmenistanyň Prezidenti Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine 2027-nji ýylda Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň gurluşyk-gurnama işlerine başlamaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.

Karara laýyklykda, ministrlige Bütindünýä ýöriteleşdirilen “EKSPO — 2027” sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň gurluşyk-gurnama işlerini, şeýle hem beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek ygtyýarlygy berildi.

2027-nji ýylyň 15-nji maýyndan 15-nji awgusty aralygynda geçiriljek “EKSPO-2027 Belgrade” sergisi Günbatar Balkan ýurtlarynda geçiriljek ilkinji ýöriteleşdirilen EKSPO bolar. Sergä 130-dan gowrak ýurtdan 4 milliondan gowrak adamyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Serginiň maksatnamasynyň çäklerinde medeni we sport çäreleri, konsertler, işewür duşuşyklar, seminarlar hem-de beýleki halkara çäreleriň hem geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!