Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 10-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Serbiýanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri trikotaž önümlerini, wafel matany, nah ýüplügi, pagta lintini, arassalanan pagta galyndylaryny, buýan köküniň ekstraktyny, buýan köküni we kök baldagyny satyn aldylar.
Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzda işewürleri içerki bazar üçin bahasy 260 müň manada deň bolan nah matany satyn aldylar.
Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!