Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda 65,7 million manatlyk geleşik baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 20-nji awgustda geçirilen söwdalarynda umumy bahasy 65 million 715 müň manada we 81 müň 567 ABŞ dollaryna deň bolan geleşikler baglaşyldy.
Daşary ýurt puluna geçirilen söwdalarda Azerbeýjan döwletiniň işewürleri ýerli işewürlerden dokma önümlerini satyn almak boýunça şertnama baglaşdylar. Şeýle hem Türkiýäniň işewürleri türkmen öndürijilerinden nah ýüplügini satyn aldylar.
Içerki bazarda ýerli telekeçiler “Türkmennebit” döwlet konserniniň öndürýän “TPP D 30 S” kysymly polipropilenini hem-de “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň 1-nji hilli bugdaý ununy satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar. Şeýlede penşenbe güni geçirilen söwdalarda jemi 4 geleşik hasaba alyndy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!