| Ashgabat | 41°C
Ykdysadyýet 20.08.2026, 13:28 4

Birža söwdalarynda 44,5 million dollara barabar geleşikler baglaşyldy

Birža söwdalarynda 44,5 million dollara barabar geleşikler baglaşyldy

Çarşenbe güni birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan, Türkiýe we BAE-niň işewürleri «Türkmenhimiýa» Döwlet konserninden «B» kysymly karbamidi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Içerki bazarda ýerli işewürler Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 4 633 200,00 manada we 44 590 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 9 geleşik baglaşyldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!