Türkmenistanly ýaş artist Aýşat Rejepowa «Dostluk» gala-konsertinde çykyş etdi
Moskwada geçirilen «Dostluk» gala-konsertinde türkmenistanly ýaş artist Aýşat Rejepowa üstünlikli çykyş etdi. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçysy Aýşat Rejepowa görnükli türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň sazy esasynda döredilen «Meniň dutarym» atly tans çykyşyny ýerine ýetirdi.
Guramaçylaryň bellemegine görä, tansyň milli öwüşgininiň, halk saz guralynyň owazynyň ýaňlanmagynyň we häzirki zaman ritmleriniň utgaşmasyny tomaşaçylar uly joşgun bilen garşyladylar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!