Dünýäde nebit arzanlady
Nebitiň dünýä nyrhlary geçen hepdedäki ösüşden soňra pese gaçdy. WTI nyşanly nebitiň fýuçersleri 1,41 dollar ýa-da 1,62 göterim arzanlap, barrel üçin 85,65 dollardan söwdalaşyldy.
Brent nyşanly nebit bir barrel üçin 93,02 dollary düzdi we bir gün öňküden 1,45 göterim arzanlady.
Urals nyşanly rus nebiti bir barrel üçin 86,32 dollara deň boldy, bu öňki gündäkiden 2,53 dollar ýa-da 2,85 göterim arzandyr.
Bu barada «Kazinform» internet saýty habar berdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!