Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaosýun Greýs Wan bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk utgaşdyrmak we amaly taýdan ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar öňde boljak bilelikdäki çäreleriň geçirilmegine we Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň BMG-niň çäklerinde ilerledilmegine aýratyn üns berdiler.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!