«Arkadagyň ruhy metjidiniň» ýanyndaky medrese ýokary okuw mekdebi derejesinde bolar
«Arkadagyň ruhy metjidiniň» ýanynda gurulýan medrese ýokary okuw mekdebiniň derejesine eýe bolar. Bu baradaky degişli teklip 13-nji awgustda Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynyň dowamynda din wekili Ý.Hojagulyýew tarapyndan beýan edildi.
Gahryman Arkadagymyz teklibi oňlap, dünýäniň dürli ýurtlarynda şeýle ýokary okuw mekdepleriň hereket edýändigini belledi we Arkadag şäherinde gurulýan bu binanyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, onda öwrediljek sapaklary özleşdirmekde dünýä tejribesinden ugur almak babatda maslahatlaryny berdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!