| Ashgabat | 37°C
Jemgyýet 25.08.2026, 18:29 4

«Tatar gyzy – 2026» bäsleşigi 7-8-nji oktýabrda Türkmenistanda geçiriler

«Tatar gyzy – 2026» bäsleşigi 7-8-nji oktýabrda Türkmenistanda geçiriler

«Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry 7-8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryny geçirmek hukugyna Türkmenistan geçen möwsümiň netijeleri boýunça eýe boldy. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, guramaçy ýurt öňki ýylyň ýeňijisiniň doglan ýeri boýunça kesgitlenilýär.

Bäsleşigiň ýarym final tapgyry 24-nji awgustda Kazanda başlandy we 30-njy awgusta çenli dowam eder. Oňa Russiýanyň sebitlerinden we daşary ýurtlardan tatar halkynyň wekilleri bolan 26 gyz gatnaşýar.

Bir hepdäniň netijeleri boýunça Türkmenistanda baş baýrak üçin göreşi dowam etdirjek 12 finalist kesgitleniler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!