| Ashgabat | 38°C
Tehnologiýalar 10.08.2026, 14:34 5

«Huawei» kompaniýasy täze akylly sagadyny tanyşdyrdy

«Huawei» kompaniýasy täze akylly sagadyny tanyşdyrdy

«Huawei» kompaniýasy täze nesliň akylly sagady bolan «Watch GT 7 Pro» modelini resmi ýagdaýda tanyşdyrdy. Bu täze modelde esasy üýtgeşmeler bolsa onuň daşky dizaýnynda we programma mümkinçiliklerindedir.

Sagadyň korpusy titandan ýasalyp, ol sapfir aýnasy we keramiki arka gapagy bilen enjamlaşdyrylandyr. Şunuň bilen birlikde, «Huawei» reňk öwüşginlerini hem täzeledi, sagadyň kemeri bolsa gündelik ulanmak üçin has amatly bolar ýaly täzeden işlenip düzüldi.

Enjama gurlan datçikler toplumy ýürek urşuny, gandaky kislorodyň mukdaryny we deri gyzgynlygyny ölçemäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem sagat «5ATM» derejesinde suwdan goraglylyga eýedir.

Sagadyň iň az agramlylykda 21 güne çenli, adaty ulanyşda takmynan 12 gün, hemişe işjeň ekran tertibinde bolsa 7 güne çenli işleýär. Enjamda «Bluetooth 6.0», «GPS», «NFC» ulgamlary, gurlan dinamik we mikrofon bar.

Hytaýda «Huawei Watch GT 7 Pro» eýýäm satuwa çykaryldy, onuň bahasy takmynan 399 dollar möçberindedir.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!