«Ykdysatçylar üçin iňlis dili» atly täze okuw kitaby neşir edildi
Ýakynda «Ykdysatçylar üçin iňlis dili» («English for Economists») atly okuw kitaby çap edildi. Bu okuw kitaby, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ykdysadyýet fakultetleriniň talyplary, şeýle hem iňlis dilinde işewürlik we ykdysadyýetiň esaslary bilen gyzyklanýanlar üçin niýetlenendir.
Okuw kitaby dürli ykdysady temalara bagyşlanan 13 bölümden ybarat. Her bölüm ýöriteleşdirilen söz baýlygyny öwrenmäge we berkitmäge gönükdirilen türgenleşikleri öz içine alýar. Tekstler talyplara okuw materialyna düşünişini barlamaga we täze öwrenilen sözleri amaly taýdan ulanmaga mümkinçilik berýän dürli ýumuşlar bilen utgaşdyrylýar.
Mundan başga-da, neşirde tankydy pikirlenmäni we kommunikatiw başarnyklary ösdürmäge gönükdirilen okatmagyň häzirki zaman usullary, şol sanda ýagdaýlary modelirlemek, keşpler boýunça oýunlar we amaly ýagdaýlaryň seljermesi ulanylýar. Bu okuw kitaby ýörite maksatlar üçin iňlis dilini öwrenmekde hem-de talyplary ykdysadyýet ulgamyndaky geljekki hünär işine taýýarlamakda peýdaly okuw serişdesi bolar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!