| Ashgabat | 36°C
Tehnologiýalar 27.08.2026, 18:49 5

iPhone 18 Pro 9-njy sentýabrda tanyşdyrylar

iPhone 18 Pro 9-njy sentýabrda tanyşdyrylar

Apple kompaniýasy her ýyl geçirilýän adaty güýzki tanyşdyrylyş çäresiniň senesini resmi taýdan yglan etdi. Çäre 9-njy sentýabrda geçiriler.

Çäräniň dowamynda iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max, şeýle hem Apple kompaniýasynyň ilkinji eplenýän smartfony tanyşdyrylar. Ol «iPhone Ultra» diýlip atlandyrylyp bilner.

iPhone 18-iň adaty görnüşiniň çaklamalara görä, 2027-nji ýylyň ýazynda tanyşdyrylmagyna garaşylýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!