«Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky 3 ýyl möhlet bilen «Talyp karzy» atly bank karzyny hödürleýär
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzda ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek babatda amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Talyp karzy» atly bank karzyny hödürleýär.
«Talyp karzy» ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň diňe degişli okuwyň bahasyny tölemek üçin nagt däl görnüşde berilýär. Karzyň möçberi 42 müň manada çenli bolup, ýyllyk 5 göterim bilen 3 ýyl möhlete berilýär.
Karzyň üpjünçiligi hökmünde 10 müň manat möçberine çenli bir ýa-da birnäçe raýatyň zamunçylygy, 15 müň manat möçberine çenli iki ýa-da birnäçe raýatyň zamunçylygy we 15 müň manatdan ýokary 42 müň manat möçberine çenli bolsa, girew emlägi kabul edilýär.
Hormatly talyplar we ata-eneler! Bankyň «Talyp karzyndan» peýdalanmak isleýän müşderileriň ýüztutmalary we degişli resminamalary bankyň www.dayhanbank.gov.tm resmi web saýty arkaly onlaýn görnüşde kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!
Aşgabat şäheri — 38-03-79, 38-02-86, 24-44-55, 24-52-85;
Ahal welaýat şahamçasy — (8-00-137) 3-34-39;
Balkan welaýat şahamçasy — (8-00-246) 5-21-51;
Daşoguz welaýat şahamçasy — (8-00-322) 9-35-07;
Lebap welaýat şahamçasy — (8-00-422) 9-13-48;
Mary welaýat şahamçasy — (8-00-522) 6-76-40.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!