| Ashgabat | 32°C
Jemgyýet 30.08.2026, 15:23 1

Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

29-njy awgustda Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, şeýle hem döwrebaplaşdyrylýan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky işleriň barşy bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, täze şäheriň 30 müň orunlyk metjidiniň çäginde gurulýan muzeýiň ýanyna bardy hem-de onuň daşky keşbini we bezeg aýratynlyklaryny synlady. Şeýle hem binanyň ýanaşyk ýerlerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belläp, bu babatda degişli öwüt-ündewlerini berdi.

Gahryman Arkadagymyz binanyň içinde oturdylan sanly tanyşdyryş ulgamynyň aýratynlyklary bilen hem tanyşdy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!