| Ashgabat | 32°C
Jemgyýet 30.08.2026, 17:26 1

Gahryman Arkadag bilim edaralarynyň taslamalary bilen tanyşdy

Gahryman Arkadag bilim edaralarynyň taslamalary bilen tanyşdy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Saparyň dowamynda Gahryman Arkadagymyza täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän çagalar bagynyň hem-de daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdebiň şekil taslamalary we çyzgylary görkezildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şekil taslamalary we berlen maglumatlar bilen tanşyp, birnäçe belliklerini aýtdy, käbir düzedişleri girizdi hem-de degişli maslahatlaryny berdi.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz çagalar bagynyň we daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdebiň milli aýratynlyklar esasynda degişli bezegler bilen üpjün edilmeginiň zerurdygyny belledi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!