«Arkadag» futbol kluby «Goa-ny» 3:0 hasaby bilen ýeňdi
«Arkadag» futbol kluby AFK Çempionlar ligasy 2-niň deslapky tapgyrynda Hindistanyň «Goa» toparyny 3:0 hasabynda ynamly ýeňip, ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna çykdy. Hasaby 61-nji minutda hüjümçi Meýlis Diniýew açdy. Dört minut geçenden soň, «Arkadagyň» ýene bir hüjümçisi Rahman Myratberdiýew 65-nji minutda tapawudy iki gola çykardy.
Duşuşygyň ahyrky hasabyny bolsa toparyň goragçysy Arzuwguly Sapargulyýew kesgitledi. Ol 75-nji minutda jerime urgusyndan üçünji pökgini geçirip, «Arkadagyň» 3:0 hasabyndaky ynamly ýeňşini üpjün etdi.
Bu netije «Arkadag» futbol klubyna 2026/27-nji möwsüminde AFK Çempionlar ligasy 2-niň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik berdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!