Moskwada geçen halkara döredijilik forumynda ýurdumyzyň çagalary üstünlikli çykyş etdiler
Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde «V Halkara çagalar döredijilik medeni forumy» geçirildi. Dünýäniň 17 döwletinden sungat ugurly zehinli çagalarynyň gatnaşan bu halkara çäresine Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň zehinli çagalary hem gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler.
Halkara forumynyň çäklerinde geçirilen gala konsertde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň tans hünäri boýunça 12-nji synp okuwçysy Aýşat Rejepowa Nury Halmämmedowyň sazy esasynda taýýarlanan tansy bilen üstünlikli çykyş etdi.
Halkara foruma gatnaşan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň dürli hünärler boýunça bilim alýan zehinli okuwçylaryň altysy Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň ýörite sertifikatlary bilen sylaglandy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!