| Ashgabat | 40°C
Syýasat 20.08.2026, 13:51 6

Täjigistanyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi

Täjigistanyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi

Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet üç günlük sapar bilen Aşgabada geldi. Saparyň esasy maksady — iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmekden ybaratdyr.

Myhmanlar saparyň maksatnamasyny Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyndan başladylar. Sirojiddin Muhriddin we wekiliýetiň agzalary «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň ekspozisiýasy bilen tanyşdylar.

Soňra täjik wekiliýeti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna baryp gördi we ol ýerde Garaşsyzlyk binasyna gül goýdular. Wekiliýet agzalary Köpetdagyň eteginde ýerleşýän «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda hem bolup, täjik şahyry Saýido Nasafiniň ýadygärligine gül goýup, ony sarpaladylar.

Şeýle-de wekiliýet topary Halkara Aşgabat atçylyk-sport toplumyna baryp gördüler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!