| Ashgabat | 28°C
Syýasat 09.08.2026, 14:51 1

Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şadurdy Meredow Azerbaýjanyň Özbegistandaky ilçisi Raşad Mamedow bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Diplomatlar Daşkentde akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmeginiň we gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagynyň wajypdygyny nygtadylar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!