| Ashgabat | 34°C
Sport 23.08.2026, 14:16 1

“Bawariýa” ýene futbol boýunça Germaniýanyň Superkubogyny eýeledi

“Bawariýa” ýene futbol boýunça Germaniýanyň Superkubogyny eýeledi

Germaniýanyň “Bawariýa” topary futbol boýunça Germaniýanyň Superkubogy ugrundaky duşuşykda Dortmundyň “Borussiýa” toparyny 2:1 hesaby bilen ýeňdi. Duşuşyk Dortmund şäheriniň “Signal Iduna Park” stadionynda geçdi.

“Bawariýa” Germaniýanyň Superkubogyny 12-nji gezek eýeledi we mýunhenliler bu görkeziji boýunça rekordçydyr. “Borussiýanyň” hasabynda 6 kubok bar.

Geçen möwsümde “Bawariýa” Germaniýanyň çempiony we Kubogynyň eýesi boldy, “Borussiýa” bolsa ýurduň çempionatynda ikinji orny eýeländigi sebäpli Superkubok duşuşygyna gatnaşmaga hukuk aldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!