Azat Annaorazow Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň okuw-seminaryna gatnaşdy
Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň wekili Azat Annaorazow Täjigistanyň paýtagtynda Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasy tarapyndan geçirilen Oýun komissarlary üçin niýetlenen iki günlük okuw-seminaryna gatnaşdy.
Bu çärä Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasyna agza assosiasiýalarynyň ählisinden hünärmenler gatnaşdy.
Seminaryň esasy maksady sebitde geçirilýän futbol duşuşyklarynyň guramaçylyk derejesini ýokarlandyrmak we ýokary hünär derejesine eýe bolan Oýun komissarlaryny taýýarlamakdan ybarat boldy.
Bu kuw maksatnamasyny FIFA-nyň we Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň resmi Oýun komissary Kemal Tokabaýew, şeýle-de CAFA-nyň halkara derejeli bilermenleri geçirdiler.
Seminaryň maksatnamasy nazary we amaly bölümlerden ybarat boldy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!