| Ashgabat | 35°C
Jemgyýet 22.08.2026, 17:46 7

“Arkadag Medisina Klasteri Menejment” iýmit önümleriniň görnüşlerini artdyrýar

“Arkadag Medisina Klasteri Menejment” iýmit önümleriniň görnüşlerini artdyrýar

“Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasy importyň ornuny tutýan önümleriniň görnüşlerini artdyryp, çagalar üçin öndürilen AMC haryt nyşanly täze iýmit önümlerini hödürledi.

Täze önümleriň hataryna alty aýlyk we ondan uly çagalar üçin goşmaça iýmit hökmünde maslahat berilýän gury iýmit garyndylary we şüleler girýär.

Häzirki wagtda AMC haryt nyşanly önümleriniň hatarynda çagalaryň sazlaşykly ösmegi üçin zerur mikroelementler bilen baýlaşdyrylan tüwi, bal goşulan manna we köp däneli şüleler bar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!