5-nji sentýabrda raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçirilýär
5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň gatnaşmaklarynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçirilýär.
Kabul edişlik Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda — Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda sagat 9:00-dan 12:00-a çenli geçiriler.
Goşmaça maglumatlar üçin aşakda görýän telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!
39-19-20
39-19-21
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!