| Ashgabat | 39°C
Jemgyýet 12.08.2026, 14:09 5

10–12-nji oktýabrda Aşgabatda halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler

10–12-nji oktýabrda Aşgabatda halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler

Şu ýylyň 10–12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler.

Bu çäre Türkmenistandan hem-de daşary ýurtlardan kompaniýalary, bilermenleri, degişli guramalary we pudak edaralarynyň wekillerini bir ýere jemlär.

Üç günüň dowamynda bir meýdançada sergi, B2B we B2G duşuşyklary, bilermenleriň pikir alyşmalary, täze tehnologiýalaryň tanyşdyrylyşy we ussatlyk sapaklary geçiriler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!