| Ashgabat | 28°C
Watan Habarlar 13.07.2026, 22:03 45

Ýurdumyzda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsümi başlandy

Ýurdumyzda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsümi başlandy

10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy; şeýle hem 2026-njy ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy hem-de okuwa kabul etmegi 2026-njy ýylyň 13-nji iýuly—24-nji awgusty aralygynda guramak; okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi.

Dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsüminiň eýýäm birinji gününden başlap işjeň häsiýete eýe boldy. Bu bolsa türkmen ýaşlarynyň täze bilimleri, hünär ussatlygyny ele almaga, ýurdumyzyň intellektual we ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga goşant goşmaga ymtylýandyklaryny tassyklaýar.

Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!