| Ashgabat | 28°C
Sport 25.07.2026, 15:11 29

Ýurdumuzyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleri we Abu-Dabi welosport kluby bilelikdäki okuw-türgenleşigini geçirer.

Ýurdumuzyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleri we Abu-Dabi welosport kluby bilelikdäki okuw-türgenleşigini geçirer.

Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Mämmedow 24-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Abu-Dabi welosport klubunyň hem-de ýurdumyzyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda paýtagtymyzda meýilleşdirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Bu çäräniň çäklerinde usuly-okuw maslahatlaryny we beýleki çäreleri guramak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurdumyzda sporty ösdürmek, zehinli türgenleri ýüze çykarmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherinde welosport boýunça bilelikdäki okuw-türgenleşigini guramaçylykly geçirmek babatda beýan edilen teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!