Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
15-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Onda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýuna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň wajyp meselelerine garaldy.
Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!