| Ashgabat | 28°C
Syýasat 26.07.2026, 14:49 26

Türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Фото: https://kazakhstan.tmembassy.gov.tm/

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçisi Batyr Rejepow bilen Gazagystan Respublikasynyň maliýe ministriniň orunbasary Ýeržan Biržanowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar gümrük we salgyt ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini, şol sanda degişli edaralaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem iki ýurduň üstaşyr, ulag we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça pikir alyşmalary dowam etdirmek barada ylalaşyldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!