| Ashgabat | 28°C
Watan Habarlar 29.07.2026, 22:16 24

Gahryman Arkadagymyz “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna ak pata berdi

Gahryman Arkadagymyz “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna ak pata berdi

29-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň oglan-gyzlary bilen duşuşyp, olaryň türgenleşikleri, okuwlary we durmuşy bilen içgin gyzyklandy.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz toparyň agzalarynyň öňde boljak halkara ýaryşlarynda şowly çykyş etmeklerine ak pata berdi.

Bu bolsa atçylyk bilen meşgullanýan ýaşlary beýik ýeňişlere ruhlandyrdy.

Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!