| Ashgabat | 28°C
Hepdäniň jemi 18.07.2026, 15:23 34

«Anyk habarda» hepdäniň jemi!

«Anyk habarda» hepdäniň jemi!
  1. Türkmenistanyň Prezidenti 2 günlük döwlet sapary bilen Gruziýada boldy.

  2. Russiýadaky täze kanuna laýyklykda zähmet migrantlary üçin döwlet paçlary ep-esli ýokarlandyryldy.

  3. Şu ýylyň iň yssy howa derejesi hasaba alnyp, Eýranyň Dehloran diýen ýerinde howa görkezijisi Selsiý boýunça 52,1 gradus boldy.

  4. Gyzylarbat etrap häkimligi raýatlar üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna potratçy seçip almak boýunça bäsleşik yglan etdi.

  5. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisi 23-nji sentýabrda geçiriler.

  6. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy hususy telekeçilere şu ýylyň birinji ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny ýatladýar.

Gündelik ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän anyk habarlar bilen tanyşmak isleseňiz, media toparymyzyň internet sahypasyna agza bolmagy ýatdan çykarmaň! Has giňişleýin görnüşdäki habarlary «Anyk habar» internet saýtymyzdan görüp bilersiňiz!

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!

Şeýle hem okaň