«Anyk habarda» hepdäniň jemi!
-
10-njy iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
-
Şamyradow Türkmenistanyň Medeniýet ministri wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä 6 aý synag möhleti bilen G.Myradalyýew bellenildi.
-
Başga işe geçmegi sebäpli G.Garlyýew «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä B.Amanow bellenildi we ol «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
-
Eger-de Siz tomusky dynç alyşda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalarda ýerleşmek isleýän bolsaňyz, habarlaşmak üçin olaryň telefon belgilerini «Anyk habar» internet saýtymyzdan alyp bilersiňiz.
-
«EUROMEDIA 24» internet saýtynyň habar bermegine görä, Nýu-Ýork şäherinde adatdan daşary yssy howa sebäpli köçeleriň ýol düşegi eräp başlady.
-
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Garabogaz şäherinde 30 orunlyk hassahananyň döwrebap binasyny gurmak üçin bäsleşik yglan etdi.
-
Aşgabatdaky Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy merkezi sürüji wezipesine dalaşgärleri işe çagyrýar. Aýlyk zähmet haky aýda 773 ýewro möçberinde kesgitlenendir.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!