| Ashgabat | 28°C
Watan Habarlar 30.06.2026, 18:54 67

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyza sapar bilen gelen “Kawasaki Heavy Industries Ltd” kompaniýasynyň wise- prezidenti Kenji Sanadany, “Toýo Engineering Corporation” kompaniýasynyň prezidenti Eiji Hosoini kabul etdi. Duşuşuklaryň dowamynda bu kompaniýalar bilen ýurdumyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlaryna üns çekildi. Şeýle-de nebit-gaz pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça meselelere garaldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!