Türkmenistanyň Prezidenti degişli teklibi makullady
Hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze önümçiligi döretmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Munuň özi daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply nebithimiýa önümleriniň öndürilmegine ýardam berer. Bu barada hormatly Prezidentimiziň 26-njy iýunda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde aýdyldy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!